Fewral aýynda Halk Maslahatynyň adatdan daşary ýygnagy geçiriler

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada "Turkmenportal" Watan habarlar gepleşigine salgylanyp ýazýar.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanandan soňky 30 ýylyň dowamynda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi. Türkmen Lideri öz çykyşynda döwleti we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemegiň gerekdigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu ýylyň fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdy ösdürmegiň maksatnamalaryna serediler we olar tassyklanylar. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemleri jemlener we şu ýyl üçin wezipeler kesgitlener. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek bilen bagly ähli guramaçylyk işlerini umumy utgaşdyrmagy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewa, wise-premýer S.Berdimuhamedowa tabşyrdy.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: