2021-nji ýylda Derweze DES 2 milliard kWt-dan gowrak elektrik energiýasy öndürildi

Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmek ugrundaky aýdyň wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň işçi-hünärmenleri hem saldamly goşant goşýar. Munuň şeýledigine elektrik stansiýasy boýunça 2021-nji ýylda elektrik energiýasyny öndürmekde gazanylan görkezijiler hem şaýatlyk edýär. Bu ýerde geçen ýylda 2 milliard 724 million 759 müň kilowatt/sagat elektrik energiýasy öndürildi. Munuň özi işçi-hünärmenleriň tutanýerli zähmeti netijesinde, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, önümçilik işinde 104,5 göterim ösüşiň üpjün edilendigini görkezýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň sebitleriniň ilatyny, degişli desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän bu kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýasynda degişli döwürde öndürilen elektrik energiýasy sarp edijilere bökdençsiz iberildi. Geçen ýylda güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan «Ahal — Balkan» ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işine-de hut şu elektrik stansiýasyndan dabaraly badalga berilendigini hem bellemek gerek.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: