Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýdan gaýdyp gelensoň 3 günlük karantine gitdi

5-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyryn iki günlük sapary tamamlandy. Türkmen Lideriniň baştutanlygyndaky wekiliýet günüň ikinji ýarymynda Türkmenistana gaýdyp geldi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin, Hytaýdan gelen wekiliýet 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantin çärelerini berjaý edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň barşynda wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzgünnamasyna laýyklykda, sapardan gaýdyp gelinenden soň nähili hereket etmelidigi barada teklibini bermegi sorady. Wise-premýer düzgünnama laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin, sapardan gelinenden soň hökmany suratda karantin çärelerini berjaý etmelidigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň iň gysga wagty – 3 gün, ortaça wagty – 10 gün, iň wajyp wagty bolsa 21 gün bolmaly. Wise-premýeriň beýan eden teklibinden ugur alyp, döwlet Baştutany: «Biz karantin çäreleriniň haýsy hem bolsa birini berjaý edip, arassaçylyk talaplaryna görä, iň azyndan 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantinde bolmaly bolarys» – diýip belläpdi.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: