Russiýanyň ilçisi türkmen diplomatlaryny hünär baýramçylygy bilen gutlaýar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Russiýanyň diplomatik korpusyny we türkmen kärdeşlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Ilçi özüniň gutlag ýüzlenmesinde şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň 10-njy fewralda Diplomatik işgärler güni hökmünde bellenen kararyna 20 ýyl dolýandygyny we bu ugurda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdi.

Ilçi şeýle-de iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi, Türkmenistanyň halkara meselelerine bolan çemeleşmeleriniň Russiýanyň garaýyşlary bilen gabat gelýändigi, şeýle-de dostlukly döwletleriň dünýä tendensiýalaryna laýyklykda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerledýändigi barada nygtady. Ol aýratyn-da, çykyşynda rus-türkmen gatnaşyklarynyň 30 ýyllyk tejribesine üns çekmek bilen, bu döwürde baglaşylan ylalaşyklar we şertnamalar, olaryň ähmiýeti, şeýle-de halkara guramalarynyň işiniň çygryndaky özara bähbitli çözgütler dogrusynda durup geçdi.

Diplomat türkmen kärdeşlerini öz ýurdunda şu gün giňden bellenilýän Diplomatik işgärleriň güni, şeýle-de ýetip gelýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen mähirli gutlap, olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: