Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlendi

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary dokuzynjy gurultaýy geçirildi. Ýurduň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň mejlisiniň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy hödürlemek baradaky teklibe garadylar. Gurultaýyň gün tertibiniň bu meselesi boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp ýolbaşçylyk, guramaçylyk häsiýetlerini bellediler. Ol agras hem-de islendik meselä seslenip bilýän, oňat hojalykçy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy. Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolok hünäri boýunça tamamlady. Ol halkara gatnaşyklary boýunça-da hünärmen bolmak bilen, zähmet çeken ýyllarynda Mejlisiň komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipeleri eýeläp, dolandyryş işlerini alyp barmakda baý tejribe toplady.

Gurultaýa gatnaşyjylar ýolbaşçy wezipesinde bitiren hyzmatlaryny, iş tejribesini, belent işjeňlik hem-de ahlak häsiýetlerini belläp, ony ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek barada çözgüt kabul etdiler.

Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemegi makullamak baradaky kararyň taslamasy sese goýuldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, onuň örän uly jogapkärçilikdigi hem-de bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, eger özüniň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda mundan beýläk-de halkyň milli ýol-ýörelgesinden ugur alyp, ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, 14-nji fewraldan başlap Türkmenistanda saýlaw möwsümi başlandy.

Habar berşimiz ýaly, 12-nji martda Türkmenistanda möhletinden öňki Prezident saýlawlary geçiriler. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda möhletinden öňki saýlawlary geçirmek we döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigi baradaky başlangyjy 11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe sürüpdi.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: