Türkmenistan energiýa çeşmelerini Orta we Ýakyn Gündogarа ibermegiň mümkinçiliklerini öwrener

15-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we onuň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowa ýurdumyzda öndürilýän elektrik toguny goňşy ýurtlaryň çäginden üstaşyr geçirmek babatdaky meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz mundan başga-da wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, türkmen tebigy gazyny goňşy ýurtlaryň çäginden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini hemmetaraplaýyn esasda öwrenmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bu wezipeleriň guramaçylyk meselelerini öwrenmelidir hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda möhüm ähmiýeti bolan işleri utgaşdyrmak boýunça zerur tagallalary etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, şunda önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi hem-de kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Täzelikler

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: