Türkmenistanda Ahal we Mary welaýatlarynyň teklipçi toparlary prezidentiň wezipesine özleriniň dalaşgärlerini hödürledi

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Prezident saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda ýokary döwlet wezipesine iň mynasyp adamlar dalaşgärlige hödürlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Ahal welaýatynda geçirilen ýygnaga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň ýokary döwlet wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky teklibe garadylar.

M.Öwezgeldiýew 2007-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern-lukmany wezipesinde işe başlady hem-de 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli welaýatyň etraplarynda bu düzümiň dürli ýolbaşçy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri bolsa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.

M.Öwezgeldiýewiň ýolbaşçy wezipede guramaçylyk ukybyny, onuň ýokary hünär we şahsy häsiýetini nazara alyp, ýygnaga gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.

Maksatmyrat Öwezgeldiýew öz gezeginde bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, jogapkärçilige doly düşünýändigine we bildirilen ynamy ödemek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Mary welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky teklibe garadylar.

Bu mesele boýunça pikir alyşmalaryň barşynda ýygnaga gatnaşyjylar dalaşgäriň terjimehaly we zähmet ýoly bilen tanyşdylar.

1999-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlap, K.Saryýew inžener-mehanik hünärini ele aldy hem-de “Maryazot” önümçilik birleşiginde zähmet ýoluna başlady. 2001-nji ýylda harby gullugy tamamlanandan soňra, Mary welaýatynyň maşyngurluşyk zawodynda inžener-tehnolog, inžener-metalist wezipelerinde hem-de 2002-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynda dürli wezipelerde işledi.

Çykyş edenler dalaşgäriň ýokary guramaçylyk başlangyçlaryny we hünär derejesini, işde toplan baý tejribesini, nusgalyk maşgalabaşy hökmünde mynasyp şahsy häsiýetlerini aýratyn bellediler.

Ýygnaga gatnaşyjylar Kakageldi Saryýewiň energetika ylmyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek saýlawlarynda onuň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere hödürlenilmegini goldadylar.

Täzelikler

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: