Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary Lebap we Balkan welaýatlaryndan geljekki prezident saýlawlaryna hödürlenen dalaşgärleri bellige aldy

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ýurduň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi. Bu barada TDH habar berýär.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta-hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjowy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak çäresi boldy.

Lebap we Balkan welaýatlaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Saýlawçylaryň öz işlerine ýokary baha berendikleri we saýlawlarda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde ynam bildirendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dalaşgärler mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň we Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda ýadawsyz tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar.

Täzelikler

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: