Türkmenistanda nobatyndan öň geçiriljek Prezident saýlawlary üçin Kazanda irki ses berlişik başlady

2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna irki ses berlişik şu gün, 2-nji martda Tatarystan Respublikasynyň çäginde ýerleşýän saýlaw uçastogynda badalga aldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär. Saýlaw uçastogy Kazan şäheriniň Sibirskiý köçesiniň 6-njy jaýynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan hem-de Russiýanyň şu sebitlerinde: Tatarystan, Başgyrdystan, Mariý El, Mordowiýa, Udmurt, Çuwaş Respublikalarynda, Perm ülkesinde, Kirow, Nižegorod, Orenburg, Penza, Samara, Saratow we Ulýanow oblastlarynda ýerleşýän raýatlary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda sagat 07:00-19:00 (Moskwa wagty bilen) aralygynda ses berip bilerler.

«Ses berýänler saýlaw uçastogyna gelen mahallary şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny (Türkmenistanyň raýatyň içerki we biometrik maglumatly pasporty) görkezmelidirler. Her bir saýlawçynyň özi ses berýär, başga adamlaryň ýerine ses berilmegine ýol berilmeýär» diýip, habarda bellenilýär.

Saýlaw güni – 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Kazan şäherinde bolup bilmejek saýlawçylar ýokarda agzalan saýlaw uçastogynda öňünden 2022-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap sagat 07:00-19:00 (Moskwa wagty bilen) aralygynda ses berip bilerler.

Täzelikler

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: