Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Nebit-gaz» gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Çykyş edenler türkmen Lideri tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýan wezipeleri, hususan-da, nebit we gaz serişdeleriniň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ulanmak we önümçilik hem-de düzümleýin desgalary kämilleşdirmek, şeýle hem ähli önümçilik bölümlerinde döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini güýçlendirmek, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna aýry-aýry görkezijiler boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini üpjün etmek babatda berlen tabşyryklar barada giňişleýin durup geçdiler.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Täzelikler

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: