Serdar Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlygy giňelder

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barlan daşary syýasat ugruny dowam etdirjekdigini, BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Ol bu  barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde aýtdy.

Dünýäniň iň abraýly guramasy bilen söhbetdeşlige ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykdy. Türkmen Lideri halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, öz nobatynda, türkmen Liderini giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlary bilen gutlady. Bu saýlawlar Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Antoniu Guterriş şeýle-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesindäki 15 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyny goldandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Soňra telefon Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirildi.

BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşleri üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna hem-de dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşjakdygyna ynandyryp, BMG-niň Baş sekretaryna berk jan saglygyny, jogapkärli halkara işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: