Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşdy

20-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  ýazky bag ekmek çäresine gatnaşdy. Şeýlelikde, türkmen Lideri bu ýokary döwlet wezipesine sogaply iş bilen girişdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýanyna ýurduň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi we bag nahalyny oturtmak üçin pili gowşurdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek.

Degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: