OGT-2022 Halkara nebitgaz forumy öz işine başlady

29-njy martda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda we Dubaýdaky EKSPO Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (OGT-2022) öz işine başlady. Maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernleri we Turkmen Forum hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy tarapyndan gurnaldy. 

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda CNPC, SOCAR, Dragon Oil, TOPH, Mitro International, Westport Trading Europe Limited, Haldor Topsoe, NAPECO we Yug-Neftegaz ýaly iri energetika kompaniýalarynyň wekilleri bar. Mundan başga-da, halkara maslahata halkara energetika guramalary – Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEK), Halkara energetika agentligi (HEA), Fransiýanyň gaz assosiasiýasy we Dubaýyň elektroenergetika we suw üpjünçiligi müdirligi (DEWA), şeýle hem Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky we Abu-Dabi ösüş gaznasy ýaly maliýe we bank institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Forumyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler:

energetikanyň geljegi;

sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny;

täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri;

durnukly energetikany goldamak babatda maliýe institutlarynyň orny;

uglewodorodlary gazyp almak babatda innowasion tehnologiýalar we nou-haular;

gaz zyňyndylaryny azaltmak;

uglewodorodlary gaýtadan işlmek we daşamak ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy.

Has anyk maglumatlar bilen forumyň web-saýtyndan ýa-da : info@turkmen-forum.com elektron salgysynda tanşyp bilersiňiz.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: