TOPH taslamasy Türkmenistanyň we Hindistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň esasy meseleleriniň biri boldy

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistanyň döwlet Baştutany Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek bilen bagly meseleler duşuşygyň esasy ugurlarynyň biri boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu möhüm taslamanyň oňa gatnaşyjy döwletler üçin diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebitde durnuklylygy berkitmäge, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmaga, birek-birek bilen ykdysady hem-de syýasy taýdan has-da ýakynlaşmaga hem mümkinçilik berjekdigini belledi.

Ýeri gelende bellesek, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň düýbi tutuldy. Umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre, geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kub metre deň bolan bu gaz geçiriji Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky «Galkynyş» gaz käninden Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň Penjap welaýatyna baryp ýeter.

Täzelikler

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: