Energetika ministrligi ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy üçin onlaýn töleg hyzmatyny işläp taýýarlady

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanan täze onlaýn hyzmat ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň töleglerini awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenendir. «Milli Pay» ykjam goşundysy gündelik sarp edilýän elektrik energiýasynyň we gazyň hasabyny girizmek hem-de oňa töleg etmek ýaly hyzmatlary onlaýn görnüşde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Bu ykjam goşundynyň kömegi bilen jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň töleglerini smartfon ýa-da planşet ulanyp, ýeňil girizmek bolýar. Şeýlelikde bolsa, indiden beýläk degişli tölegleri tölemek üçin banklara ýa-da töleg edilýän ýerlere gitmek, nobata durmak zerurlygy aradan aýrylýar. Goşundy arkaly islendik ýerden onlaýn tölegi amala aşyryp bilersiňiz.

«Milli Pay» ykjam goşundysyny App Store hem-de Google Play internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar. Şeýle-de onuň kömegi bilen raýatlar ozalky geçirilen amallaryň ählisi baradaky maglumatlary görüp hem-de olaryň resminamalaryny ýükläp alyp bilerler.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: