Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi

20-nji aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisde eden çykyşynda assosiasiýanyň öňünde ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmek, daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek, dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça zerur işleri geçirmek, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlary, duşuşyklary, medeni çäreleri, bedew bäsleşiklerini, sergileri we auksionlary guramak, ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmek, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara derejedäki atly sport bäsleşiklerini guramak, dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara «tohumçylyk kitabyny» döretmek, dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlarda çykyşlaryny guramak, ahalteke atçylyk medeniýetini we sungatyny wagyz etmek üçin kitaplary taýýarlamak hem-de sanly ulgam arkaly mahabat çärelerini geçirmek hem-de assosiasiýanyň agzalarynyň ahalteke atçylygyny ösdürmekde we giňden wagyz etmekde alyp barýan işlerini höweslendirmek wezipelerini goýdy.

Mejlisiň işine sanly ulgam arkaly bu assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalary gatnaşdy we olaryň çykyşlary diňlenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.

Ähli döwürlerde-de behişdi bedewler halkymyzyň wepaly dosty, syrdaşy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi boldy. Häzir olar gülläp ösýän, okgunly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bularyň ählisi “Oguzkent” myhmanhanasynyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisinde aýdyň beýanyny tapdy.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: