Oba hojalyk işlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Welaýat häkimleriniň we wise-premýet Esenmyrat Orazgeldiýewiň hasabatlaryny diňlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howa şertleriniň mümkinçilik berýän günlerinde möhüm oba hojalyk möwsümlerini üstünlikli alyp çykmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýetişip gelýän bugdaý hasylyny isripsiz ýygnap almak barada hem möhüm tabşyryklary berdi.

Gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmegiň, pagta öndürijileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmegiň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, şeýle hem beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Sebitde pile öndürmek möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişini üpjün etmek maksady bilen, kärendeçi-ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýerlerde önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerur talapdygyny belläp, birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

2025-02-11 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy

2025-01-30 / Syýasy

Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary TEIF 2025 forumynda ekologiýa maksatnamasy bilen tanyşdyrar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: