Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman ― Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen bilelikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Baýramçylyk dabarasynyň esasy wakasy at çapyşyklary boldy. Olaryň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem baş baýrak ― Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrunda ýaryşlar geçirildi.

Dabaralaryň dowamynda konkur boýunça geçirilen baýramçylyk ýaryşynyň hem ýeňijileri yglan edildi.

Sportuň milli görnüşleri boýunça guralan görkezme çykyşlary, hususan-da, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy dabaranyň bezegini artdyrdy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: