Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

24-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabatda geçirilýän dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow bilen Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn taslamalaryň täze tapgyryny durmuşa geçirmek we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljekki ädimleri barada pikir alyşyldy.

Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, söwda-ykdysady ulgamlar, oba hojalyk pudagy, ylma esaslanýan ýokary tehnologiýalar, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem maşyn gurluşygy, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar. 

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly işewürler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Şolaryň hatarynda “Altkom” maliýe-senagat toparynyň, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň we “Ýugneftegaz” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bar.

Täzelikler

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: