Türkmenistanda täze iş orunlary dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümetiň nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda täze iş orunlaryny döretmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär. 

Hökümet ýygnagynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz diňe bir ýurduň ilatyny iş bilen üpjün etmegiň zerurlygy barada durup geçip, suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmaga, hususy telekeçiligi höweslendirmäge, daşary ýurtlardan we içerki maýa goýumlaryny çekmäge çagyrdy. Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

«Türkmen halky «Çekseň zähmet —– ýagar rehnet» diýýär. Şoňa görä-de, pudaklarda maýa goýumlaryny netijeli özleşdirip, döwrebap önümçilikleri işe girizmek, şäherdir obalarda, hatda çet ilatly ýerlerde-de goşmaça iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmek, ilatymyzyň ak ýürekden, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak biziň esasy borjumyzdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: