Hazarýaka döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

28-nji iýunda ýurdumyzyň DIM-nde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy diýip, TDH habar berýär.

Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasyndaky duşuşykda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelere garadylar.

Mejlise gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň taryhy ähmiýetli I sammitinden 20 ýyl soň geçirilýän Hazar “bäşliginiň” ikinji Aşgabat duşuşygy kenarýaka ýurtlaryň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy, däp bolan dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Hazar deňzi sebitinde howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we ekologik meseleler Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammitinde ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleler bolup, onda kabul edilen çözgütler Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyny doly derejede amala aşyrmaga hem-de parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam berer.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: