Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uniwersitetiniň düýbi tutuldy

19-njy iýulda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, işewürlik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk işleri «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. Bina Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda gurlar, 183-nji jaýyň  döwrebap toplumy dört sany okuw binalaryndan we hersi 300 orunlyk iki sany umumy ýaşaýyş jaýlaryndan, şeýle hem kitaphanadan, naharhanadan, ýapyk we açyk sport desgalaryndan ybarat bolar.

Şu ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda  Türkmenistanyň Merkezi banky «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine binanyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz berer.

Resminama laýyklykda, binany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: