Türkmenistanyň Prezidenti energetika enjamlary üçin hyzmat ediş merkezini açdy

20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen energetika ulgamynyň işgärleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak bu waka täze taryhy döwürde döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir.

Häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary esasynda gurlan täze desga Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş desgasydyr.

Büzmeýin elektrik bekediniň çäginde 2,60 gektar meýdanda ýerleşýän bu özboluşly desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» Döwlet elektrotehnika korporasiýansynyň buýurmasy esasynda “Çalyk Enerji” kompaniýasy türkmen hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrdy.

Döwrebap hyzmat ediş merkezi öz mümkinçiliklerimiziň esasynda elektrik beketleriniň kadaly işlemegi üçin energetika enjamlaryny abatlamak we elektrik energiýasynyň dowamly önümçiligi boýunça meýilnamalaýyn işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz abatlaýyş, hyzmat ediş işleriniň guralyşynyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýratyn nygtady. Merkezde Merkezde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi. Bu ýerde işlejek hünärmenlr daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler.

Açylyş dabarasynyň dowamynda Merkeze birnäçe sertifikatlar gowşuryldy.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: