Türkmen elektroenergetikleri halkara forumyň çäklerinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar

6-7-nji awgustda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forum 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilen Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Bu hünär baýramçylygy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça dürli çäreler geçirildi, zähmetiň öňdebaryjylary sylaglanyldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar, hususan-da, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler elektroenergetika pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda onlarça paýlaýjy elektropodstansiýalar guruldy. Paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa bilen üpjünçiligini we yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär.

Bu ugurda ýerine ýetirilýän giňmöçberli işler diňe bir iri senagat toplumlaryny, her ýylda ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony daşary ýurtlara eksporta ugratmaga-da mümkinçilik berýär.

Häzirki zaman binalarynyň— energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, «ýaşyl» generator beketleriniň şekilleri ýurdumyzyň energetika pudagynyň ýakyn geljekdäki ösüş meýillerine syn etmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň bu ugra degişli düzümleriniň bölümlerinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň önümçiligi boýunça täze işläp taýýarlamalar – Gün panelleri we ýel generatorlary görkezildi.

«Sumitomo Corporation» hem-de «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň bölümlerinde elektroenergetika pudagynyň täze desgalarynyň gurluşyklarynyň taslamalary we olaryň döwrebaplaşdyrylyşy baradaky maglumatlar köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Maslahatda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meseleler boýunça hem pikir alyşmalar boldy.

Täzelikler

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: