Türkmenistanyň Energetika ministrligi ýurdumyzyň alysda ýerleşen ilatly ýerlerini, barmasy kyn bolan ýerleri elektrik energiýa bilen üpjün etmek üçin Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär, şonuň bilen baglylykda, bu taslama üçin enjamlar we gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça bäsleşigiň möhletiniň uzaldylýandygyny yglan edýär diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky sanynda habar berilýär. Ministrlik bäsleşik üçin teklipleri şy ýylyň 8-nji noýabryna çenli ýerli wagt boýunça sagat 16:00-a çenli kabul edýär. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna öz eli bilen arza ýazmalydyrlar. Onda gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, resmileşdirilen ýurdy we rekwizitleri görkezilmelidir. Arza şu salga iberilmeli: Türkmenistan, Aşgabat, 2022-nji köçe, 55-nji jaý. Bäsleşik resminamalarynyň toplumyny 500 dollar möçberinde töleg geçirilenden soň (goşulan baha üçin salgydy we bank tölegi hasaba alynmazdan) gowşurylar. Gatnaşyjylaryň bäsleşik üçin tekliplerine töleg hasaba geçirilenden soň serediler. Bäsleşik we onuň şertleri barada goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutuň: (+993 12) 37 94 31, (+993 12) 37 94 33.