Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow lukmançylyk ulgamynyň wekillerini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlady diýip, TDH habar berýär. «Maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň täze ösüşlerini üpjün edýäris. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde has-da güýçlendireris. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.