10-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ç.Purçekow hasabat berilýän toplumda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 129,4 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 109,9 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 129,9 göterime deň boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere garamagyndaky ministrlikleri we pudak edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny doly seljermegi, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyňgurluşygyny dowam etmek, gurluşyk we energetika pudaklaryna gönükdirmek üçin maýa goýumlary köpräk çekmek, şeýle-de bu işleri düýpli seljermek öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.