«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly tamamlandy

14-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň dabaraly ýapylyşy boldy. Döredijilik çäresine gatnaşanlaryň ählisine, ýagny Aşgabatdan, ýurdumyzyň welaýatlaryndan, şeýle hem daşary ýurtlardan – Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Latwiýadan we Koreýa Respublikasyndan gatnaşýan senetçilere we suratkeşlere festiwalyň Diplomlary gowşuryldy. Halkara festiwala gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza milli medeni däplerimizi ösdürmäge we baýlaşdyrmaga berýän aýratyn ünsi, şeýle hem forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Ýatlatsak, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan we üç gün dowam eden «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň çäklerinde köp sanly çäreler geçirildi. Şol sanda: senetçileriň we suratkeşleriň işleriniň sergisi, milli mirasy aýap saklamagyň, öwrenmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat, milli lybaslaryň görkezilişi, döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary. Daşary ýurtly myhmanlar Amyderýanyň boýundaky şäheriň tanyşdylar.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: