Türkmenistanyň Energetika ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkeziniň suwy taýýarlaýyş ulgamynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

- Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, bellige alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;

- Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we toplumlaýyn gurluşyk bölüminden lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplary almaly. Binanyň salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., 2022-nji köç., 55-nji jaý;

- lot üçin 1500 amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Basleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 13-nji apreline çenli (ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 37-94-31, 37-94-33.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: