Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň 2022-nji ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi

Geçen ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 131 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 109,3, ony eksport etmegiň ösüş depgini bolsa 124,6 göterime deň boldy. Bu barada 10-njy fewralda geçirilen  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hasabat berildi diýip, TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli görkezmeleri berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, daşary ýurtly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr. Şeýle hem «ýaşyl» energetikany ösdürip, Gün elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça işleri alyp barmak wajypdyr. 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: