Türkmenistanyň Energetika ministrligi Gün elektrik stansiýasyny gurmak üçin enjamlar we materiallar bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrligi çetde ýerleşýän ilatly ýerlerde Gün elektrik stansiýasyny gurmak üçin enjamlar we materiallar bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýän taraplar şulary ýerine ýetirmelidir:

- Gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýändigi barada Türkmenistanyň Energetika ministriniň adyna ýazmaça arza bermeli;

- Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we toplumlaýyn gurluşyk bölüminden lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplary almaly. Binanyň salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., 2022-nji köç., 55-nji jaý;

- 500 ABŞ dollaryny tölemek bilen, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almak (NDS we bank tölegleri kabul edilmeýär).

Bäsleşik üçin teklipler 2022-nji ýylyň 24-nji awgustyna sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik üçin teklipleriň toplumy diňe pul serişdeleri hasaba geçirilenden soň seretmek üçin kabul edilýär. 

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: