Dýusseldorfda Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler

26 – 29-njy iýun aralygynda Dýusseldorfda (Germaniýa) Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler diýip, ost-ausschuss.de saýtynda habar berilýär.

Nebit-himiýa, gurluşyk we dokma senagatlarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan forumyň maksady – nemes işewürlerini Türkmenistanyň ykdysadyýeti, eksport mümkinçilikleri, daşary söwda we maýa goýum syýasaty, şeýle hem önümçilige innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň wezipeleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine «Türkmennebit», «Türkmenhimiya», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri, gurluşyk harytlaryny, azyk önümlerini, plastmassa, kompozit we dokma önümlerini öndürijiler girýär.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: