Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilip geçilýär. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet we sungat işgärlerine, ähli watandaşlarymyza Gutlag iberdi.
Gutlag hatynda bellenilişi ýaly: «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr!
Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr!
Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!».