Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkyny ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlady.

«Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetlerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenen bu baýramyň agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz mähriban halkymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. «Goý, Gurban baýramy günlerinde amal ediljek tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar we parahat durmuşynyň bähbidine ediljek doga-dilegler Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!».

Täzelikler

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: