Türkmenistanyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek mejlisiň esasy meselesi boldy diýip, TDH habar berýär.

Mejlise gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseri hem-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly neşir sowgat berildi. Bu kitapda täze şäherde ýerine ýetirilen gurluşyk işleri barada maglumatlar ýerleşdirilipdir, owadan fotosuratlar bolsa döwrebap binalaryň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýär. Üç dilde taýýarlanan we ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitap giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin elýeterli bolar.

Bellenilişi ýaly, bu kitaplar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: