2-nji iýulda Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahatyň dowamynda durnukly, durmuşa ukyply şäherler hem-de amatly ýaşaýyş üçin şäher gurşawyny döretmek, ykdysady ösüşi ilerletmek, häzirki we geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.
Maslahat adaty görnüşde, şeýle hem onlaýn tertipde geçirilip, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň agentlikleriniň ýolbaşçylaryny, daşary ýurtly ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijileri, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýjylary, iri halkara aragatnaşyk operatorlaryny, halkara guramalaryň we düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, netijeli sanly we ýaşyl çözgütleri ilerletmek meselesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny bellediler.
Maslahatyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «NEC Communication and Information Technologies Ltd» kompaniýasynyň hem-de «DeltaTelecom» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki sany Ähtnama gol çekildi.