Sanly ulgam arkaly iş maslahatyn Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi

3-nji iýul hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.

Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşleriň we olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur işler geçirilýär.

Mundan başga-da, ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler dowam edýär.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalygynda dowam edýän möhüm möwsümiň ähmiýetine ünsi çekdi we oba hojalyk işlerinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, dogry ýerine ýetirilmegini wise-premýer A.Ýazmyradowdan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: