Merkezi Aziýadaky «Go Viral» jemgyýeti işewürlik, media, medeniýet we tehnologiýalar ulgamlarynyň bilermenlerini hem-de işjeň agzalaryny 28-29-njy iýul aralygynda Aşgabatda geçiriljek iki günlük «Go Viral Ashgabat 2023» festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar diýip, «Turkmenportal» internet neşiri habar berýär.
Bu ýylyň mowzugy – «Go Viral 2023: ruhlandyr we özara hereket et».
«Arçabil» myhmanhanasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän sebitleýin çärä gatnaşmak üçin festival.goviral.kz saýtynda hasaba alynmak mümkindir. Haýyşnamalaryň kabul edilýän ahyrky senesi 21-nji iýuldyr. «Go Viral Ashgabat 2023» festiwalynyň maksatnamasy we çykyş etjekler ýakyn wagtda mälim ediler.
Aşgabat bu sebitleýin başlangyjy ilkinji gezek 2022-nji ýylda kabul edipdi. Çäre «Ýyldyz» myhmanhanasyndaky meýdançada geçirilipdi diýlip, çeşmede bellenilýär.