Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini belledi

7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň energetika kuwwatyny netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleri çözmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda esasy orun eýeleýän elektroenergetika toplumynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: