Lebap welaýatyndaky hassahanada Gün energiýasy ulgamy ornaşdyryldy

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynda ýerleşýän hassahana Türkmenistanda Gün energiýasy ulgamy ornaşdyrylan ilkinji saglygy goraýyş merkezi boldy diýip, TDH habar berýär.

Hassahana elektrik energiýasyny öndürýän Gün batareýalary bilen enjamlaşdyryldy. Bu maksatnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän ÝUNISEF-iň innowasion taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Arassa elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edilmegi ähli zerur lukmançylyk maksatly we lukmançylyk maksatly däl enjamlaryň gije-gündiziň dowamynda işlemegine, şeýle hem hassahananyň näsaglara yzygiderli, esasan hem tebigy betbagtçylyklarda päsgelçiliksiz hyzmat etmegine mümkinçilik döreder.

Gün şöhlesine we ýagtylyga baý bolan Türkmenistan üçin Gün panelleri arkaly üznüksiz, durnukly, ygtybarly we arassa elektrik energiýasy almak iň oňat hem-de amatly çözgütleriň biridir diýlip, çeşmede bellenilýär.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: