Türkmenistan 2024-nji ýylda Gyrgyz Respublikasyny elektrik energiýasyny eksport etmekde öňdäki ornuny saklar: resmi habar berlişi ýaly, Bişkek 1,7-den 2 milliarda çenli kWt/s türkmen elektrik energiýasyny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «Aki press» habarlar gullugyna salgylanyp, «Orient» habar berýär.
Habarda Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Taýalbek Ibraýewiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin geçirilen brifinfdäki beýanatyndan sözleri getirilýär: «Biz şu ýyl elektrik energiýasyny import etmek bilen bagly şertnama baglaşdyk. Biz elektrik energiýasyny tomusda import etmeýäris, bize munuň üçin o diýen zerurlyk ýok. Biz elektrik energiýasynyň importyny sentýabrdan dekabra çenli amala aşyrarys».