Hepdelik iş maslahatynda Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmegiň meselelerine we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna seredildi

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalary hem-de pagta kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. 

Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilatymyza ýetirmek boýunça işler dowam edýär.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we olaryň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: