Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanynda habar berilýär.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeleriň gazanylandygyny nygtadylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada aýtmak bilen, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow «ýaşyl» tehnologiýalar, senagat önümçiligi, energetika, oba hem-de suw hojalygy pudaklarynda, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.