Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň täze web sahypasy döredildi

21-nji iýulda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň nic.gov.tm ady bilen resmi web sahypasy işe girizildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Web sahypasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky Karary esasynda döredilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň wezipeleri barada umumy maglumatlar bar. Onda bilim pudagyna degişli türkmen, rus we iňlis dillerinde dürli maglumatlar saklanýar.

Şeýle hem sahypa Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin merkeziň täze wezipeleri bilen baglanyşykly ähli meseleler barada maglumat berýär.

Şeýle hem bu ýerde daşary ýurtlarda berlen bilim resminamalaryny ykrar etmek barada maglumatlary tapmak mümkindir.

Daşary ýurtda bilim almagy meýilleşdirýän ýaşlar üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almagy baradaky düzgünler bilen tanyşmak peýdaly bolar.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: