31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň bellenen talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de gowaça meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekişi boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.