Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan nebitgaz we elektrik energiýasy pudaklarynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

4-nji awgustda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi we onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi diýip, TDH habar berýär.

Resminamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň aralarynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanlary nebitgaz we elektrik energiýasy pudaklarynda özara hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda ylalaşdylar. Muny Bilelikdäki Beýannamanyň 6-njy bendi hem subut edýär:

«Taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, tebigy gazy, nebiti we nebit önümlerini, elektrik energiýasyny ibermek babatda hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika babatda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanyp, nebitgaz hem-de elektrik energetikasy pudaklarynda bilelikde işlemegiň mümkinçiligine seretmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar».

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: