Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýänleriň resminamalarynyň kabul edişligi başlandy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi Ýaşlar baýragyna hödürlenýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär.

Bäsleşige ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, ylmy barlaglarda, saglygy goraýyşda we sportda, oba hojalygynda, jemgyýetçilik işlerinde üstünlikleri gazanan, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen 16 – 35 ýaş aralygyndaky ýaş raýatlary gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş edýän ýaşlar ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet edara-kärhanalary, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralary, ýokary we orta hünärment okuw mekdepleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenip bilner.

Baýraga hödürlenýänler 15-nji sentýabra çenli guramaçyly toparyna 3x4 ölçegdäki 6 sany reňkli fotosuratyny; pasportynyň nusgasyny; diplomlaryny, Hormat hatlaryny, KHBS-de çap edilen döredijilik eserlerini, teleýaýlymlardaky çykyşlarynyň ýazgylaryny; iş ýerinden ýa-da okuw mekdebinden häsiýetnamasyny; Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalyk şahadatnamasyny tabşyrmaly.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: