Durnukly energetika boýunça Kararnama – Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň biridir

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda üznüksiz energetikanyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny hakynda Kararnamany kabul etmegi teklip eder diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri ýurduň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryna salgylanyp habar berýär.

Kararnamanyň taslamasynyň çäklerinde arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça global derejede tagallalary birleşdirmek maksady bilen, şeýle hem BMG-niň 2014 – 2024-nji ýyllar üçin Durnukly energetika onýyllygynyň jemini jemlemek üçin 2025-nji ýylda Türkmenistanda «Durnukly energetika hemmeler üçin» atly halkara maslahaty geçirmek mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem resminamada Türkmenistanyň energetika netijeliligi meselelerine we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýändigi beýan edilýär.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: