Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasyny artdyrmagyň tehniki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň resmi işgärleri Owganystanyň «DABS» energetika kompaniýasynyň wekilleri bilen Hyrat welaýatynyň «Nur al-Jihad» bekedine elektrik energiýasyny ibermek taslamasynyň tehniki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, «Orient» «ariananews.af» saýtyna salgylanyp habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar energetika pudagyndaky bilelikdäki taslamalary gözden geçirdiler, resminamalaryň taýýarlanylyşyna, üpjünçiligi durmuşa geçirmegiň howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş we tehniki meselelerine garadylar. Owganystanyň öňdebaryjy energetika kompaniýasy öz beýanynda "Nur al-Jihad" bekedine elektrik togyny ibermek taslamasynyň ýurduň demirgazyk-günbatar böleginiň energiýa meselelerini çözjekdigini we «DABS-yň» onuň tiz durmuşa geçirilmegini goldaýandygyny belledi.

Maýadarlaryň birnäçesi Hyradyň Owganystanyň senagat welaýatydygyny we esasy merkezleriniň biridigini nygtaýarlar, şonuň üçin hem türkmen elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak sebitde önümçiligi ýokarlandyrmagyna ýardam eder diýlip, çeşmede bellenilýär.
 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: