Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýubileý sammitine taýýarlyga başlanyldy

Täjigistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna toplumlaýyn taýýarlyk işlerine girişildi. Bu çäre 14-15-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçiriler diýip, Täjigistan Respublikasynyň DIM-ne salgylanyp «Sputniknews» web saýty habar berýär.

Täjigistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça respublikanyň premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň ýolbaşçylyk etmeginde guramaçylyk komiteti döredildi, şeýle-de onuň düzümine ähli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary degişli edildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygyna Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ýolbaşçylyk eder. Sammite Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bäşinji konsultatiw duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe möhüm resminamalaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: